2023-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi.
Myhman döwlet Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu gezekki saparyň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň, duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ministri we doganlyk türk halkyny ýakynda belleniljek şanly sene - Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllygy bilen gutlady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň doganlyk döwletidir, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bolsa strategik häsiýete eýedir. Köpasyrlyk türkmen-türk gatnaşyklary baý tejribä esaslanyp, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesi munuň aýdyň güwäsidir.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde hem özara bähbitlilik esasynda üstünlikli ösdürilýär we pugtalandyrylýar.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şunda Hökümet wekiliýetleriniň özara saparlary, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän yzygiderli geňeşmelerdir duşuşyklar möhüm şert bolup çykyş edýär.
Döwlet Baştutanymyz ýakynda Türkiýe Respublikasyna boljak resmi saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.
Köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda söwda-ykdysady ulgama aýratyn orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi bellenildi. Biziň döwletlerimiz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.