icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 oktýabr 2023

2769

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekine iş saparynyň çäginde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Soňky ýyllarda taraplaryň özara tagallalary netijesinde bu hyzmatdaşlyk strategik häsiýete eýe boldy.

Söhbetdeşler taraplaryň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde geljekde-de ýakyn hyzmatdaşlyga berk ygrarlydyklary barada aýdyp, iki döwletiň dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi özara bähbitlere laýyk gelýän ynanyşmak dialogynyň kemala gelmegine şert döredýär.

Umumy taryha esaslanýan, döwletleriň we halklaryň abadançylygyna, gülläp ösüşine ýardam berýän biziň ýurdumyzyň häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça strategiýasynyň hem-de HHR-iň “Bir guşak, bir ýol” konsepsiýasynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi.

Soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn ugur boldy. Bilelikdäki wajyp taslamalar, şol sanda ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi — Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň mysallarydyr.

Duşuşygyň dowamynda netijeli döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň esasy çemeleşmeleri bellenildi. Şu ýyl Hytaýa amala aşyran saparlarynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin hyzmatdaşlygyň ýetilen derejesine ýokary baha berdiler.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, senagat, oba hojalyk pudaklary we beýleki ugurlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, özara tagallalaryň has netijeli hasap edilýän ulgamlarynda bilelikdäki hereketleri giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Türkmen we hytaý halklarynyň arasynda dostluk, özara düşünişmek ýörelgeleriniň berkidilmegine ýardam berýän däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine uly üns berildi.

Kanun çykaryjy edaralaryň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň, HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň parlamentara dostluk toparynyň döredilmegi munuň aýdyň beýanydyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi