2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.
Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza, şeýle hem hormatly Arkadagymyza Prezident Emomali Rahmonyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Täjigistanda Türkmenistan bilen däp bolan netijeli dialogyň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz ÝHHG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygynyň möhüm ähmiýetini belledi. Onuň dowamynda sebit hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalar boldy. Şol bir wagtda, “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň işiniň möhümdigine üns çekildi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine degip geçmek bilen, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny bellediler. Nygtalyşy ýaly, döwletara dialog türkmen we täjik halklarynyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýar.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň halkara giňişlikdäki hyzmatdaşlygynyň oňyn häsiýeti kanagatlanma bilen nygtaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistana bolan iş saparynyň jemleriniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi. Bu möhüm çäreleriň jemleri boýunça kabul edilen resminamalar sebitde durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna hem-de bilelikdäki tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
Şeýle hem duşuşygyň çarçuwasynda ýokary depginde ösdürilýän söwda-ykdysady, medeni we ylym-bilim gatnaşyklarynyň ýokary derejesi nygtaldy.