icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

07 noýabr 2023

1866

“Nippon” gaznasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistana sapar bilen gelen “Nippon” gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Ýuji Mori bilen duşuşdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler.

Dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklar barada nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen tarapy köp ýyllaryň dowamynda öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öndürijilikli işleýändigini belledi.

Şu nukdaýnazardan, taraplar “Nippon” gaznasynyň “JACAFA”, “NipCA”, “Read Japan” we ş.m. taslamalar boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň we berkitmegiň çäginde birnäçe möhüm ugurlar barada pikir alyşdylar.

Ýaşlar syýasaty ulgamynda taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşler bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugurlarynda netijeli özara gatnaşyklaryň ösüşiniň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi