17 noýabr 2023
4464
Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri
2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen gepleşikleri geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda ministrler türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşdylar. Şol bir wagtda, döwletara görnüşde, şeýle hem halkara we sebit düzümleriň çäklerinde amala aşyrylýan hyzmatdaşlygyň depginli häsiýeti tassyklanyldy.
Ministrler ýokary derejedäki gepleşikleriň we duşuşyklaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly möhüm meselelere aýratyn üns çekdiler.
Taraplar şeýle hem meýilleşdirilýän duşuşyklaryň we çäreleriň tertibini deňeşdirdiler.
Başga habarlar
26
Sep
Gruziýanyň Adalatçysy bilen bolan duşuşyk barada
24
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi
24
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
24
Sep
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
23
Sep
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
Ähli habarlary görmek