2023-nji ýylyň 17-nji noýabryndaTürkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ýurdumyzyň netijeli türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda uzak möhletlilik, özara bähbitlilik häsiýetine eýe bolan döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň dost-doganlygyň berk esaslaryna, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine daýanyp, barha ösýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Türkmenistan we BAE Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw berýärler.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady, maliýe, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýangyç-energetika pudagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde iş alyp barmakda oňyn tejribe toplandy.
Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurtdaky hyzmatdaşlary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri halkara energetika taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Şunda türkmen tarapynyň BAE-niň işewür düzümleriniň wekilleri bilen netijeli pikir alyşmaga, olaryň anyk tekliplerine garamaga taýýardygy tassyklanyldy.