2023-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň we Gana Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, Gananyň wekiliýetine bolsa, Gana Respublikasynyň daşary işler we sebitleýin integrasiýasy ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpong ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy seljerildi. Özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada pikir beýan edildi.
Köptaraplaýyn diplomatiýanyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlyk bellenip geçildi.
Diplomatlar Türkmenistan bilen Gananyň arasynda söwda-ykdysady, senagat we oba hojalygy pudaklary boýunça gatnaşyklary giňeltmek üçin bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berdiler.