icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

24 noýabr 2023

1527

Türkmenistan bilen Gananyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabatda sapar bilen bolýan Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebitleýin integrasiýa ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy.

Söhbetdeşlikleriň barşynda Ministr iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlaryň giň geriminde özara gatnaşyklary has-da güýçlendirmek nukdaýnazryndan, ýakynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda bolan syýasy geňeşmeleriň  netijeleriniň möhümdigini belledi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşan taraplar, Türkmenistan bilen Gananyň arasynda ykdysadyýet, söwda we senagat pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri bellediler. Taraplar medeni we ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda bilim pudagyny güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

 

Söhbetdeşlikleriň netijesi boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebitleýin integrasiýasy ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi