2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Bakuda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy döwletleriň we hökümetleriniň Baştutanlarynyň ilkinji Sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Ýörite maksatnama döredileninden bäri 25 ýyllyk taryhynyň dowamynda SPEKA-nyň çäklerinde gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.
Ykdysady hyzmatdaşlygyň we yzygiderli gepleşikleriň netijeli platformasy hökmünde we özara gyzyklanma bildirilýän ykdysadyýet, söwda, ulag we logistika, sanly özgeriş we innowasiýa, senagat, energetika, suw dolandyrylyşy, ekologiýa, “ýaşyl geçiş” we beýlekiler ýaly ileri tutulýan ugurlarda taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin yzygiderli gepleşikler geçirmekde SPEKA-nyň möhüm orny bellendi.
Türkmen tarapynyň çykyşynda SPEKA-nyň ilkinji Sammitiniň gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlygynda sebiti durnukly we yzygiderli ösdürmek üçin zerur şertleri üpjün etmäge, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygyň berk we netijeli gurallaryny döretmäge, mynasyp, deňhukukly, gymmatly hyzmatdaş hökmünde sebiti ählumumy proseslere utgaşdyrmak üçin amatly şertleri we görnüşleri emele getirmäge gönükdirilen ýene bir möhüm tapgyra öwrülendigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy birnäçe möhüm meseleler boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi. Hususan-da, SPEKA gatnaşyjy ýurtlaryň her biri üçin möhüm wakanyň 2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň SPEKA-nyň 25 ýyllygy mynasybetli biragyzdan kabul edilen kararnamasynyň bolup durýandygyny, hem-de onuň SPEKA-nyň özara düşünişmegi, ykdysady hyzmatdaşlygy we gatnaşyjy ýurtlaryň sebitleýin ösüşini öňe sürmek üçin sebit platformasy hökmünde möhüm ornuny görkezýändigi nygtaldy.
Şeýle hem, türkmen tarapy, 2023-nji ýyldaky SPEKA günleriniň möhüm ädimi hökmünde, BMG-niň howandarlygynda sebitleýin maksatnamanyň has ýokary derejede işlemegini üpjün edýän maliýe guraly bolan SPEKA-nyň Ynam gaznasyny döretmek boýunça bilelikdäki tagallalary öňe sürmegi hasaplaýar.
Türkmenistanyň hukuk gurallaryny we BMG-niň ülňülerini ulanmak arkaly, multimodal maglumatlaryň we Hazarüsti ulag geçelgesiniň ugrundaky resminamalaryň alyş-çalşyny sanlylaşdyrmak üçin Ýol kartasyny tassyklamak çözgüdini hem goldaýandygy bellenildi.
Türkmenistan sebitdäki hyzmatdaşlar bilen bilelikde Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlary boýunça utgaşdyrylan görnüşli giň ulag we logistika infrastrukturasyny işjeň ösdürýär we durnukly ösüşe goşant goşýan durnukly ulagy goldaýar.
Türkmenistan, 2024-2025-nji ýyllar üçin SPEK-nyňA iş meýilnamasyny durmuşa geçirmekde, şol sanda tematiki iş toparlarynyň işine, şeýle hem ösüş hyzmatdaşlary bilen has netijeli we işjeň gatnaşmagy goldaýar we işjeň hyzmatdaşlyk eder.
Sammitiň netijeleri boýunça Baku Jarnamasy kabul edildi.
Şeýle hem SPEKA günleriniň çäklerinde, şu ýylyň 20-24-nji noýabry aralygynda beýleki resminamalaryň birnäçesi kabul edildi: