icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 noýabr 2023

1341

Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi akkreditirlendi

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amar Belaniden ynanç hatyny kabul etdi.  

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan doly ygtyýarly wekili diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda ilçi Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň esasy ugurlary, amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň baş maksatlary hem-de dürli ulgamlarda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyryldy.

Taraplar şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi