2023-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Duşenbe şäherinde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparynyň on ikinji mejlisi geçirildi.
Türkmen tarapynyň ýolbaşçysy hökmünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew, täjik tarapyndan - Täjigistan Respublikasynyň Premýer ministriniň Orunbasary Ziýozoda Sulaýman Rizoi çykyş etdi.
Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyna, energetika we suw serişdeleri, oba hojalygyndaky bilelikdäki işleriň güýçlendirilmegine, şeýle hem ulag we logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige, iki ýurduň arasyndaky bilim, ylym, lukmançylyk, medeniýet we sport ugurlarynda özara gatnaşyklary ösdürmek we çuňlaşdyrmakdaky meseleleriň giň toplumyna garadylar.
Şeýle hem iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň çykyşlary diňlenildi, olaryň çäklerinde geljegi bar bolan dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, işewür gatnaşyklary hasam höweslendirmek, iki ýurtda öndürilýän önümler bilen özara tanyşmak, eksport-import mümkinçiliklerini öwrenmek we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze görnüşlerini gözlemek zerurlygy beýan edildi.
Geçirilen mejlisiň netijeleri boýunça söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparynyň on ikinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.
Nobatdaky 13-nji mejlisiň 2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.