2023-nji ýylyň 27-28-nji noýabrynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Gyrgyz Respublikasynyň hökümetiniň goldawy bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi tarapyndan gurnalan Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 13-nji herýylky duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensiýalar, Owganystandaky ýagdaýlar we bu meseleleri çözmek üçin tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen sebit hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi bilen sebitiň hökümetleriniň arasyndaky öňüni alyş diplomatiýasy bilen baglanyşykly ugurlar boýunça özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň hökümetleriniň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň arasynda ýyllaryň dowamynda ýola goýlan uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga we özara ynanyşmaga ýokary baha berdiler. Taraplar sebit merkeziniň hereketlerini, şol sanda ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi we suw diplomatiýasy ýaly ugurlarda alyp barýan işlerini, şeýle hem “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” we “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” ýaly ählumumy gün tertibiniň çäklerinde dialoglary goldaýandyklaryny beýan etdiler.
Şeýle hem duşuşykda Merkezi Aziýanyň hökümetleri bilen ýaşlarynyň arasynda Bäşinji dialog geçirildi. Sebitdäki bäş ýurduň hemmesine wekilçilik edýän Öňüni alyş diplomatiýa akademiýasynyň gatnaşyjylary, sebitiň geljegi baradaky garaýyşlaryny paýlaşmak üçin daşary işler ministrleriniň orunbasarlary bilen duşuşdylar.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkekdäki ÝHHG akademiýasyna baryp gördi we onuň dowamynda M.Bäşimowa gatnaşyjylary Türkmenistanda bilim we ylym ugurlary, şol sanda Türkmenistanyň ýaşlar syýasaty bilen jikme-jik tanyşdyrdy.
Duşuşykda bu akademiýa bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamany işläp düzmek meselesiniň üstünde işlemek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.