2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Moskwada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Owerçuk bilen duşuşdy.
Gepleşikleriň esasy mowzugy, geljek ýylyň başynda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň 13-nji mejlisine taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boldy.
Ýakynda geçiriljek mejlisiň iki ýurduň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm tapgyryna öwrüljekdigi nygtaldy. Söhbetdeşler häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýanyň häzirki zaman hakykatlaryna, iki ýurduň zerurlyklaryna we bar bolan özara mümkinçiligine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny gözleýändiklerini bellediler. Şu nukdaýnazardan, ikitaraplaýyn ykdysady we hojalyk gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň ähmiýeti beýan edildi.
Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda medeni-ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlyga aýratyn orun berildi. Şunuň bilen baglylykda, A.Owerçuk, hususanda, Aşgabat şäherinde A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebiniň täze toplumyny, Rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak, şeýle hem türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegi baradaky iki ýurduň Hökümetleriniň arasyndaky gazanylan ylalaşyklary aýratyn belläp geçdi.
Söhbetdeşler bu hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek we diwersifikasiýa etmek üçin Türkmenistanyň we Russiýanyň ykdysady toplumlarynyň degişli bölümleriniň netijeli iş ruhuny tassykladylar.