icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

11 dekabr 2023

2882

“Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara forumy boýunça press-reliz

2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Halkara bitaraplyk güni we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahaty geçirildi.

Forumyň umumy mejlisine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, halkara guramalaryň ýolbaşçy wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň ýokary derejesi we oňa gatnaşyjylaryň wekilçiligi Türkmenistanyň oýlanyşykly alnyp barylýan içeri hem-de daşary syýasatyna gyzyklanmanyň artýandygynyň, dünýä bileleşigi tarapyndan halkara howpsuzlygyny, durnuklylygy hem-de ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ornunyň we wajyplygynyň goldanylýanlygynyň subutnamasyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly ählumumy başlangyç Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Parahatçylyk we ynanyşmak forumynda öňe sürüldi. Bu başlangyç 2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2023-nji ýyl- Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” kararnamasy esasynda biragyzdan goldanyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda ýurdumyzyň dürli halkara meýdançalarynda, ilkinji nobatda, BMG-de “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara başlangyjyň durmuşa geçirilmegi boýunça ýeten sepgitleri barada belledi. Bu işler ahyrky netijede degişli resminamalaryň kabul edilmegi we halkara çäreleriň geçirilmegi bilen has-da berkidildi.

Bu başlangyjyň häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynda emele gelýän halkara ýagdaýlaryň, olaryň häsiýetiniň we ösüşiniň meýilleriniň içgin hem-de dogruçyl seljerilmegi netijesinde öz wagtynda öňe sürülendigi bellenildi.

Şunuň bilen birlikde, bu başlangyç ähli döwletlere dünýäniň ykbalyna jogapkärli çemeleşmäge, düşünişmezlikleriň hem-de howplaryň artmagynyň öňüni almaga, dünýä ýagdaýlary dogruçyl seljermäge, oňa taryhy we syýasy babatda oýlanyşykly çemeleşmäge çakylyk hökmünde çykyş edýär.

Şeýle-de, dünýäde parahatçylygyň kepili bolan dialogyň özara gatnaşyklaryň ähli ulgamlaryny özünde jemleýän döredijilik hadysasy hökmünde çykyş edýänligi bellenildi. Şunda, hyzmatdaşlygyň bu formulasynyň howanyň üýtgemegi, bosgunlar meselesini, azyk  howpsuzlygyny üpjün etmegi, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň beýleki wajyp meselelerini çözmekde ulanmagyň maksadalaýyklygy bellenildi. Şeýle hem, gyzyklanma bildirýän döwletler we ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen degişli ugur boýunça ortamöhletleýin maksatnamalary bilelikde işläp taýýarlamak boýunça teklipler öňe sürüldi.

Abraýly halkara guramalaryň we daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň orny, ýurdumyzyň ählumumy halkara meseleleri çözmekdäki işjeňligi barada gürrüň edildi hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlaglar ýaňlandy.

“Dialog- parahatçylygyň kepili” atly halkara forumynyň umumy mejlisi tamamlanandan soň, onuň işi degişli tematiki 4 bölümçeler boýunça dowam etdi.

 Olaryň ilkinjisi- “Öňüni alyş diplomatiýasynyň guraly hökmünde dialogy ulanmak” diýlip atlandyryldy.  Bu bölümiň işinde parahatçylyk medeniýetiniň ählumumy Jarnamasynda beýan edilýän dünýägaraýyşlaryň we parahatçylygy goramagyň ýörelgeleriniň ulanylmagyň ýollary babatynda pikir-alyşmalar guraldy.

“Dialog arkaly parahatçylygy gazanmakda zenanlaryň orny” atly ikinji bölümde oňa gatnaşyjylar dünýäde howpsuzlygy we durnukly parahatçylygy üpjün etmekde, howpsuzlygyň netijeliligini gazanmak boýunça medeniýetara dialogyň ösdürilmeginde zenanlaryň ornunyň uludygyny bellediler.

“Ýaşlaryň sesi: Dialog arkaly geljekki nesilleriň mümkinçiliklerini giňeltmek” atly üçünji tematiki bölümde döwletiň we tutuş dünýäniň durnukly hem-de ähmiýetli geljegini kesgitlemekde ösüp barýan ýaş nesliň mümkinçiliklerini we işjeňligini artdyrmak boýunça meseleler maslahatlaşyldy.

 “Halkara hyzmatdaşlygy: Global daşky gurşaw hyzmatdaşlygy boýunça diplomatik dialogy” atly tematiki bölümde daşky gurşawy goramak meselesinde halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmegiň aýratynlyklaryna üns çekildi.

Halkara forumyň we onuň tematiki bölümleriniň işi jemleýji resminamanyň kabul edilmegi bilen tamamlandy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi