icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

14 dekabr 2023

3588

Türkmenistanyň DIM-de UNFPA-nyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň “Dialog-parahatçylygyň kepili” atly halkara foruma gatnaşmaga Aşgabada gelen, BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) gender meseleleri boýunça Geňeşçisi Leýla Şarafi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlaryna aýal-gyzlaryň deň gatnaşmak ýörelgelerini güýçlendirmeklige gönükdirilen işjeň gender syýasatyny alyp barýandygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň 1996-njy ýyldaky  BMG-niň aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda halkara Konwensiýasy we onuň 2009-njy ýyldaky Goşmaça Teswirnamasy boýunça borçnamalaryna ygrarlydygy beýan edildi.

UNFPA bilen gender taýdan deňligi, reproduktiw saglygy we beýleki ugurlary ösdürmek, şeýle hem bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek babatynda has ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada pikir alyşmalar boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi