icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 dekabr 2023

2193

Türkmen-Taýland Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleri barada

2023-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň we Taýland Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça häzirki meseleler we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler dürli derejedäki saparlary alyşmak, Türkmenistanyň hem-de Taýlandyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, şeýle hem parlamentara dostluk toparyny döretmek we iki ýurduň parlamentarlarynyň saparlaryny alyşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň çäklerinde türkmen-taýland gatnaşyklarynyň oňyn ösüş depginini bellediler.

Diplomatlar Daşary işler ministrliginiň arasyndaky syýasy geňeşmeleri dowam etdirmegiň, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem Türkmenistanyň we Taýlandyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda işewürlik forumlaryny geçirmek arkaly söwda- ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi