icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

22 dekabr 2023

2486

Maglumat işleri boýunça türkmen-rus geňeşmeleri barada

2023-2024-nji ýyllar üçin “Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň” durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň degişli düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maglumat pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça geňeşmeler geçirildi.

Duşuşykda diplomatlar Türkmenistanyň we Russiýanyň metbugat gulluklarynyň işini ikitaraplaýyn görnüşde we sebit gurluşlarynyň we halkara platformalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar daşary syýasaty goldaýan ösen metbugat gurallaryny ulanmagyň çäklerinde sanly diplomatiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasy neşirleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge üns berildi.

Degişli departamentleriň arasyndaky gatnaşyklary we alyş-çalyşlary mundan beýläk has-da giňeltmekde özara gyzyklanma beýan edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi