Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP28) gatnaşyjylaryň maslahatynyň ýigrimi sekizinji mejlisinde eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň howpsuzlygy baradaky milli garaýyşlaryň beýany, Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň resmi resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy.
Resminamanyň doly tekstini aşakdaky salgyda tanyşyp bilersiňiz: https://undocs.org/Home/Mobile?FinalSymbol=A/78/676.
Beýannama Baş Assambleýanyň häzirki mejlisiniň gün tertibiniň “Adamzadyň häzirki we geljekki nesilleriniň bähbidine global howany goramak” hem-de “Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynam we hyzmatdaşlyk zolagy” bentleri boýunça neşir edildi.
Bu resminamada, hususan-da, Türkmenistanyň Global Metan borçnamasyna goşulmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) bilen bilelikde BMG-niň Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi tehnologiýalary Sebit merkeziniň Türkmenistanda açylmagy üçin kanuny esas döredilendigi barada habar berilýär.