icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 ýanwar 2024

3331

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde durmuş hyzmatlarynyň ulgamyny kämilleşdirmek boýunça meseleler maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Türkmenistanda 2024-2028-nji ýyllarda durmuş hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmegiň Milli maksatnamasynyň” taslamasyny maslahatlaşmak boýunça duşuşyk geçirildi. Çärä ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän BMG-niň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar ilaty durmuş taýdan goramagyň ulgamyny mundan beýläkde kämilleşdirmek we durmuş hyzmatlaryny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa orta we uzak möhletleýin häsiýetli milli maksatnamalary işläp taýýarlamakda ýurdumyzyň BMG bilen köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.

Hususan-da, M. Bäşimowa işlenip taýýarlanylýan maksatnamanyň durmuş meselelerine aýratyn ünsi çekip, Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda gol çekilen “Milli derejede inklýuziw durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmagyň hasabyna durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek” baradaky bilelikdäki maksatnamanyň ähmiýetiniň uludygy barada nygtady.

Şeýle-de, duşuşykda degişli maksatnamanyň işlenilip taýýarlanylmagynda Durnukly ösüşiň maksatlarynyň we onuň  esasy görkezijileriniň ornaşdyrylmagyna uly üns berilmelidigi barada bellenildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň durmuş syýasaty baradaky hyzmatdaşlygynyň geljekki mümkinçiliklerine hem aýratyn ähmiýet berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi