icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

18 ýanwar 2024

2425

Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri boýunça dialog dowam etdi

2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň bilen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Lýuk Dewiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn saparlary we çäreleri guramak, nobatdaky “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” formatynda ministrler duşuşygyny geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Erazmus + maksatnamasynyň işine, ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyga, şol sanda 2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Brýusselde maýadarlar Forumynyň geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi