2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Baku ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteli kabul etdi.
Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, onuň diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmany bildirdiler.
Diplomatlar Daşary işler ministrlikleri derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirmek we döwlatara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek esasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Türkmen tarapy iki döwletiň telekeçileriniň arasynda ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barmagyň, işewürler forumlary hem-de söwda-ykdysady maksatly çäreleri gurnamagyň hasabyna söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini işjeňleşdirmegi teklip etdi.
Duşuşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy we gender deňligi, suw serişdeleriniň dolandyrylmagy meseleleri boýunça bilelikdäki hereketleri amala aşyrmak babatynda pikir alyşmalar gurnaldy.