2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi.
Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz Hindistan Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi we Hindistan Respublikasynyň Günorta Aziýa sebitinde Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridigini aýtdy.
Türkmenistan bilen Hindistanyň söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika we transport ulgamlarynda, oba hojalygy we dokma senagaty ýaly pudaklarda öndürijilikli hyzmatdaşlyk edýändigi mälim edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi.
Şeýle hem taraplar ylym, bilim we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.