2024-nji ýylyň 1-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Werşininiň gatnaşmaklarynda türkmen-rus syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Şu nukdaýnazardan, ýurtlarymyzyň arasyndaky strategiki häsiýete eýe bolan dostlukly we ynamly gatnaşyklaryň netijeli depgini beýan edildi.
Hususan-da, taraplar howpsuzlyk ulgamy boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygy hem-de ikitaraplaýyn görnüşde we köptaraplaýyn platformalarda täze howplara garşy göreşmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan parahatçylykly daşary syýasata ýokary baha berdi we türkmen bitaraplygynyň halkara proseslerinde parahatçylygy we howpsuzlygy ösdürmekdäki ähmiýetini nygtady.
Diplomatlar halkara we sebit syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda sebit howpsuzlygy meselesine, hususan-da, Owganystanda parahatçylygy ösdürmäge, ykdysadyýeti we syýasy durnuklylygy dikeltmäge üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli aragatnaşyklary dowam etdirmek barada ylalaşdylar.