Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi.
Gahryman Arkadagymyz sergi bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan başlady. Bu ugurda, türkmen tarapynyň Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna owgan kompaniýalarynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere garamaga taýýardygy nygtaldy.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz dürli ugurlar boýunça görkezilýän harytlar bilen tanyşlygyň dowamynda goňşy ýurtda öndürilen önümler, halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy ýaly ugurlaryň mümkinçiliklerini synlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bu serginiň halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň oňa gatnaşýan ýurtlar üçin ähmiýetlidigine ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Azizi hem-de “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika düzümlerine, söwda-ykdysady ugurlara bagyşlanan we beýleki ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
N.Azizi türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ähmiýet berýändikleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza owgan halkynyň adyndan hoşallyk bildirip, öz halkynyň salamyny ýetirdi.
Gahryman Arkadagymyz türkmen we owgan halklaryny gadymdan gelýän dostluk, özara hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy, taryhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, goňşy Owganystanyň içerki ýagdaýlarynyň kadalaşdyrylmagynda diňe syýasy-diplomatik tagallalaryň tarapdarydygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde ykdysadyýetiň ösmegi we halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy ýurduň içerki ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu ugurda ýurdumyz anyk işleri durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisi, Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý ugry boýunça demir ýol şahasy, Serhetabat — Turgundy şahasynyň ulanmaga berilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.
Duşuşygyň barşynda myhman üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistanyň sebitde möhüm orun eýeleýändigini belläp, owgan tarapynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr mümkinçiliklerini peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle hem Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugruny dikeldýän häzirki zaman multimodal üstaşyr ulag geçelgesiniň ähmiýeti barada aýdyldy.
Häzirki döwürde amatly çäkde ýerleşen ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak, ulag-logistika ulgamyna degişli desgalary, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak boýunça kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa sebitiň ýurtlarynyň Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň sanynyň artmagyny şertlendirýär.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň döwlet ösüşiniň möhüm ugruna öwrülendigini belläp, bu babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň we sebitiň gyzyklanma bildirýän islendik ýurdy, abraýly halkara guramalar bilen birek-birege hormat goýmak, düşünişmek esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.