2024-nji ýylyň 18-nji martynda Brýusselde Ýewropanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen tegelek stoluň çäginde, Türkmenistan we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Umumy gepleşikleri dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Ýewropa guramalary we kompaniýalary bilen birnäçe aýratyn duşuşyklary geçirdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň,Wallon eksport we maýa goýum agentliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem “Philips” we “Picanol”. kompaniýalarynyň wise-prezidentleri bilen duşuşdy.
M.Çakyýew Antwerpen deňiz portunyň we “Cargolux”, “Exagon Global BV”, “Royal IHC” şeýle hem “DEME” kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Duşuşyklaryň dowamynda bar bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Türkmenistanyň dürli pudaklaryny enjamlar bilen üpjün etmeklige, mümkinçilikli taslamalary gözden geçirmeklige, sanlaşdyrmaga, döwrebap tehnologiýalary ulanmaklyga, telekeçiligi we maýa goýum işjeňligini ösdürmäge üns berildi. Geljekde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we üpjün edilýän enjamlaryň hyzmatyny gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanda Ýewropanyň kompaniýalarynyň hyzmat merkezlerini açmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň dowamynda guramalaryň we kärhanalaryň telekeçiligi ösdürmekdäki tejribesiniň ähmiýeti we Türkmenistandaky üýtgeşmelere ýetirjek oňaýly täsiri nygtaldy.
Şeýle hem taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bildirýän gyzyklanmalary, işewürlik we maýa goýumlary üçin kanuny gurşawy gowulandyrmak boýunça teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklary mälim etdildi.