2024-nji ýylyň 19-njy martynda Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ykdysadyýet boýunça Ýewrokomissiýanyň ýerine ýetirinji orunbasary, Söwda boýunça ýewrokomissar Waldis Dobrowskisiň, Ýewrokomissiýanyň orunbasary Marganitis Shinasyň, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýewrokomissar Ýutto Urpilaýneniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Şeýle hem Ýewroparlamentiň Merkerzi Aziýa döwletleri we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň başlygy Tomaş Zdehowski bilen gepleşikler geçirildi.
Duşuşyklaryň barşynda ykdysadyýet, söwda we ynsanperwer çygyrlarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegini belläp, häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň ýardam bermeginde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalar babatynda pikir alyşdylar. Garalan meseleler ylym-bilim ulgamyndan başlap, ýaşyl ykdysadyýet çygryndaky başlangyçlar we ekologik taslamalar ýaly maksatnamalaryň giň gerimini öz içine aldy.