2024-nji ýylyň 27-nji martynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Baky ş.) Kristofer Alberto Martines Berroteran bilen duşuşyk geçirdi we ondan ynanç hatlarynyň nusgasyny kabul etdi.
A.Gurbanow Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny aýtdy.
Soňra taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan türkmen-wenesuela gatnaşyklarynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Wenesuelanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli gatnaşyklar ýörelgeleriniň esasynda ösýär diýilip nygtaldy.
Diplomatlar halkara arenasynda iki ýurduň oňyn hyzmatdaşlygynyň bardygyny nygtadylar. Onuň çäklerinde ýurtlar birek-biregi goldaýarlar we möhüm halkara başlangyçlaryň bilelikdäki döredijisi bolup çykyş edýärler.
Söhbetdeşler söwsa-ykdysady gatnaşyklary, hususan-da energetika, nebit, gaz, ýaşyl tehnologiýalar we oba hojalygy pudaklarynda giňeltmegiň wajyplygy barada ylalaşdylar.
Türkmenistan bilen Wenesuelanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy medeniýet we bilim ulgamlarynda ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşmalaryň däp bolan temasy boldy. Bu hyzmatdaşlyga medeni maksatnamalary we başlangyçlary alyp-çalyşmak, bilim taslamalaryny işläp düzmek, medeniýet, sungat we bilim pudaklaryndaky bilelikdäki çäreleri geçirmek girýär.