2024-nji ýylyň 27-nji martynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kristofer Alberto Martinez Berroterandan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Maduro Morosyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Latyn Amerikasy ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmegi maksat edinýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi pikir alyşmalaryň mazmunyny düzdi.
Doly ygtyýarly wekil Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi, onuň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleri kanunçylyk-hukuk taýdan üpjün etmekde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.