icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

28 mart 2024

3277

Aşgabat şäherinde halkara maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji martynda «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçirildi.

Foruma halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň, daşary ýurtlaryň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýär. Dürli ýurtlar bilen bu ugurdaky üstünlikli gatnaşyklar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, ýurdumyz halkara forumlarda hem öz mümkinçiliklerini işjeň açyp görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynda» ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny giňeltmek we köpdürlüligini artdyrmak, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, täsirli maglumat-mahabat çärelerini alyp barmak, netijeli halkara gatnaşyklary ýola goýmak Türkmenistanyň syýahatçylyk toplumyny ösdürmek boýunça döwlet strategiýasynyň möhüm wezipeleridir.

Şeýle hem Türkmenistanyň täsin tebigy künjeklerini we gözel ýerlerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek, myhmanhana, dynç alyş infrastrukturasyny ösdürmek boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär.

Maslahata gatnaşyjylar syýahatçylyk infrastrukturasyny yzygiderli ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň oňyn netijeleri berýändigini bellediler. Döwrebap myhmanhanalaryň sany artýar, dünýä derejesindäki «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň sanawyna girizilen Aşgabat, ajaýyp binalary bilen haýran galdyrýan Arkadag şäheri uly meşhurlyk gazandy. Ýurdumyzda syýahatçylygyň ekologiýa, bejeriş-sagaldyş, folklor-etnografik, taryhy-binagärlik, medeni-bilim, işewürlik, sport ýaly görnüşleri işjeň ösdürilýär.

Bellenilişi ýaly, tebigatyň baýlygy we köpdürlüligi, senetçiligiň asyrlarboýy dowam edip gelýän däpleri, türkmen halkynyň myhmansöýerligi, türkmen milli tagamlary Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň üstüni ýetirýär we baýlaşdyrýar.

Daşary ýurtly myhmanlar häzirki wagtda syýahatçylyk pudagynyň üýtgäp durýan zerurlyklaryna uýgunlaşdyrylan bilim maksatnamalaryny we başlangyçlaryny kämilleşdirmäge has köp üns berilýändigini bellediler. Munuň özi ýöriteleşdirilen okuw maksatnamalaryny işläp düzmegi, okatmagyň usullaryna tehnologiýalary ornaşdyrmagy, tejribäniň esasynda okuw mümkinçiliklerini ösdürmegi öz içine alýar.

Şeýle-de syýahatçylyk bilimi ulgamyndaky başlangyçlaryň netijeliligini üpjün etmek üçin bilim edaralarynyň, pudagyň gyzyklanýan taraplarynyň hem-de döwlet edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň has-da ilerleýändigini görmek bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, bilimiň adaty çygryndan has giň syýahatçylyk biliminde medeni taýdan düşünişmegiň, ykdysady durnuklylygyň, jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň utgaşýandygy nygtaldy. Adamlara syýahatçylygyň inçelikleri barada bilim bermek bilen, pudagyň ösmegine möhüm goşant goşup, ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikleri açmak arkaly medeniýetara düşünişmegi ösdürip boljakdygyna üns çekildi.

Bellenilişi ýaly, syýahatçylyk beýleki pudaklaryň köpüsi ýaly, diňe bir parahatçylykdan hem-de durnuklylykdan peýdalanman, eýsem, medeni aýratynlygy, mirasy gorap saklaýar we ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň hünärmenleri medeni aratapawudy aradan aýyrmakda möhüm orny eýeleýän araçy hökmünde çykyş edýärler.

Forumda çykyş edenler bu ugurda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine ünsi jemläp, häzirki wagtda bu ulgamyň ösmegi üçin döredilen ähli şertleri göz öňünde tutup, döwletimiziň daşary ýurtlarda syýahatçylyk mümkinçiliklerini ilerletmegiň zerurdygyny bellediler. Şeýle hem syýahatçylyk önümleriniň ähli görnüşini öz içine aljak «Bir syýahatçylyk — tutuş sebit» atly bilelikdäki maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi barada pikir alşyldy.

Şeýlelikde, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat döwletimiziň syýahatçylyk pudagynda gazananlaryny, öňdebaryjy ugurdaş kompaniýalaryň häzirki zaman ösüşlerini açyp görkezmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Forumyň çäklerinde iş duşuşyklary geçirildi we degişli resminamalara gol çekildi, täze gatnaşyklar ýola goýlup, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar üçin Arkadag şäherine, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine gezelençler guralýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi