2024-nji ýylyň 28-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany kabul etdi.
Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň salamyny we arzuwlaryny ýetirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de şu saparyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen geçiriljek gepleşikleriň netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.
Nygtalyşy ýaly, syýasy-diplomatik gatnaşyklar häzirki wagtda ikitaraplaýyn derejede hem-de halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek esasynda ösdürilýär.
Eýran ýurdumyzyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň uly ähmiýetini belledi. Toparyň işiniň netijesinde, Türkmenistanda elektroenergetika, ulag ulgamynyň taslamalaryny amala aşyrmak boýunça anyk çäreler ylalaşyldy.
Bellenilşi ýaly, medeni-ynsanperwer ugur hem türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Iki ýurduň wekiliýetleriniň özara saparlary, bilelikdäki medeni çäreleriň geçirilmegi, hususan-da, Medeniýet günleriniň, dürli sergileriň we beýleki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan doganlyk döwletleriň hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan dostlukly gatnaşyklarynyň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda geljekde-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.