2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Tanyşdyryş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, medeniýet we sungat, ylym we bilim ulgamlarynyň işgärleri, Daşary işler ministrliginiň, KHBS-iň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze eseriniň halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtamak bilen, çykyş edenler kitabyň mazmunynyň maglumatlara baýdygyna, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigine ünsi çekdiler. Bu kitabyň neşir edilmegi Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda watandaşlarymyz üçin ajaýyp sowgat boldy.
Çykyş edenleriň bellemegine görä, kitabyň girişinde türkmen halkynyň özboluşly taryhy-medeni mirasy, Änew medeniýetiniň Sumer siwilizasiýasynyň döwürdeşi bolandygyny subut eden R.Pampelli, W.Sarianidi, W.Masson ýaly tanymal alymlaryň mynasyp goşantlary barada gürrüň berilýär.
Kitapda degişli ugurda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda abraýly halkara guramalar we köp sanly beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ylmy merkezleri bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk barada maglumat berilýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň iri ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO, şeýle hem TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesine, gazanylan üstünliklere aýratyn üns çekilýär. Eserde öňe sürülýän garaýyşlar onuň üç bapdan ybarat mazmunynda giňden beýan edilýär.
«Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitap köpöwüşginli fotosuratlar we şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň surat eserleri bilen bezelipdir. Türkmen, iňlis we rus dillerindäki eser ýurdumyzyň, şol sanda daşary ýurtlaryň giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni gürrüňsiz özüne çeker.
Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde rowaçlyk, täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.