2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi saparynyň çäklerinde Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň ýanyndaky Ýazuw mirasy merkezinde iki ýurduň ylym we döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik guraldy.
Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diňe bir bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk bolmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň hem aýrylmaz bölegi bolup durýar. Onuň eserleri dürli halklaryň dillerine, şol sanda täjik diline terjime edildi hem-de dostlukly ýurtda örän meşhurdyr.
Asyrlar geçse-de, Magtymguly Pyragynyň şygryýeti öz ähmiýetini birjik-de ýitirmeýär. Çünki onda umumadamzat gymmatlyklary — watançylyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, döredijilige çagyryş, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýaly ýörelgeler öz aýdyň beýanyny tapýar.
Bellenilişi ýaly, ýubileý senesiniň halkara derejede baýram edilmegi dünýä jemgyýetçiligini Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bilen has giňden tanyşdyrmaga, umuman, ýurtlaryňdyr halklaryň arasyndaky netijeli ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etmelidir. Munuň özi tutuş dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ilerletmegiň möhüm şerti bolup durýar.