Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, netijeli işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde geçirilen bilelikdäki işewürlik maslahatynyň barşynda aýdyňlyk bilen görkezildi. Oňa iki ýurduň hususy ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.
Täjigistanyň Milli kitaphanasynyň maslahatlar zalynda geçirilen duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyny nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Nygtalyşy ýaly, ýokary derejede yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlaryň hem-de taraplaryň bilelikdäki tagallalary netijesinde soňky ýyllarda türkmen-täjik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna şu gezekki resmi sapary däp bolan dostlukly döwletara dialoga kuwwatly itergi berdi.
Söwda gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň, özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň artdyrylmagynyň geljegi, bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi barada hem gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli guralýan işewürlik duşuşyklarynyň we beýleki ugurdaş çäreleriň ähmiýetli orny bellenildi. Bu çäreler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmegiň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň täsirli gurallary bolup durýar.
Forumyň barşynda dürli pudaklarda, şol sanda senagat toplumy, ýangyç-energetika pudagy, oba hojalygy, ulag we logistika, maýa goýum işi boýunça türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.