2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Taşkent şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» (AADHG + MA) Strategik dialogyň Ikinji Ministrler duşuşygyna gatnaşdy.
Forumyň işine Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine girýän 6 döwletiň – Saud Arabystan Patyşalygynyň, BAE-niň, Katar Döwletiniň, Kuweýt Döwletiniň, Oman Soltanlygynyň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar «AADHG – Merkezi Aziýa» formatynyň çäklerinde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer, daşky gurşawy goramak we syýahatçylyk ýaly pudaklarda özara bähbitli we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek meselelerini, şeýle hem «2023—2027-nji ýyllarda strategik kommunikasiýa we hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň» durmuşa geçiriliş ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Forumyň çäklerinde häzirki zaman halkara we sebit meseleleri, şeýle hem 2025-nji ýylda Özbegistanda geçiriljek «AADHG – Merkezi Aziýa» sammitine taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşyldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti öz çykyşynda ulag-aragatnaşyk, energetika, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda strategik dialogyň agza ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça häzirki zaman meseleleri we başlangyçlary beýan etdi.
Ikinji duşuşygyň netijeleri boýunça Taşkentde Merkezi Aziýa we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine girýän döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.