23 aprel 2024
7416
Türkmenistanyň DIM-de birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişlik dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet Sekretary Lord Dewid Kemeronyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi, taraplar hususan-da aşakda görkezilen resminamalara gol çekdiler:
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna;
- Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen «Blue Marine Foundation» gaznasynyň arasynda Hazar deňziniň biologik dürlüligine, daşky gurşawy gorap sakalamak we olaryň goralmagyna ýardam etmek barada özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama;
- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Beýik Britaniýanyň «Dialogue Events Ltd.» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama.
Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň dürli ugurlar boýunça türkmen-britan hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.
Başga habarlar
29
Okt
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Täjigistan Respublikasynyň Parlamentiniň iki palatasynyň başlyklary bilen duşuşyklary geçirdi
28
Okt
Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
28
Okt
Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
28
Okt
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
28
Okt
Eýranyň Daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
Ähli habarlary görmek