2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýow bilen duşuşygy boldy.
RF-iň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýokary wekilçilikli çäräniň çäklerinde görüşmek mümkinçiligine kanagatlanma bildirdi.
Konstantin Kosaçýow Arkadagymyzyň Forumda öňe süren başlangyçlarynyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Şunda oňyn başlangyçlaryň durmuşa geçirilmeginiň «Russiýa - Yslam dünýäsi» formatynyň çäklerindäki köpýyllyk döwletara gatnaşyklara täze itergi berjekdigi nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyz tarapyndan şu formata gyzyklanma bildirýän ähli döwletler bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli meýdançasy hökmünde garalýandygyny belledi.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meýilnamalary barada pikir alyşmagyň barşynda Arkadagymyz we RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary şu gezekki forumyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň, gazanylan ylalaşyklaryň Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň, yslam dünýäsi ýurtlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdiler.
«Russiýa — Yslam dünýäsi» XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Halkara gatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy Grigoriý Karasin bilen hem duşuşdy.
Ol türkmen halkynyň Milli Lideri bilen şunuň ýaly möhüm çärede duşuşmaga mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Russiýada Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha hem-de köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini belledi.
Federasiýa Geňeşiniň komitetiniň başlygy Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyran saparynyň ähmiýetini belläp, onuň jemleri boýunça Hyzmatdaşlyk boýunça parlamentara topary döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini, munuň iki dostlukly ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa bilen Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky netijeli dialogyň ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Soňra Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň Myhmanlar öýünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşygy boldy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, «Russiýa - Yslam dünýäsi» XV halkara ykdysady forumynyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Pursatdan peýdalanyp, Arkadagymyz bu forumyň hem-de onuň çäklerindäki ähli çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
M.Şaýmiýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «KazanForum» halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, Milli Liderimiziň öňe süren teklipleriniň, şol sanda Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny işläp taýýarlamak baradaky teklibiniň möhümdigine, onuň döwrüň talabydygyna ünsi çekdi.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda, hususan-da, nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, himiýa senagatynda, awiasiýa tehnikasyny, ýük awtoulaglaryny ibermek ulgamynda netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, bar bolan ägirt uly kuwwaty açmak üçin ähli mümkinçilikleriň doly derejede ulanylmalydygyny aýtdylar.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler gadymdan gelýän dostluk däplerine esaslanýan medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigine we mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek üçin berk binýat boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege hem-de iki doganlyk halka iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.