icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

18 maý 2024

2126

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat

2024-nji ýylyň 17-18-nji maýy aralygynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahaty geçirildi.

Bu iki günlük foruma abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue, daşary ýurtlaryň birnäçesinden, şol sanda Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Hindistandan, Eýrandan, Katardan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan wekiliýetler gatnaşdylar. Çagyrylan myhmanlaryň hatarynda düýn Aşgabatda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjylar hem bar.

Umumy mejlis başlamazdan ozal, köp sanly foruma gatnaşyjylar binanyň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar.

Myhmanlaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, her bir halkyň beýikligi, esasan, dünýä beren meşhur şahsyýetleri bilen kesgitlenilýär. 2023-nji ýylyň maýynda Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi onuň şahyrana-filosofik mirasynyň bütin adamzadyň medeni hazynasynyň möhüm bölegi hökmünde halkara derejede ykrar edilýändigini aýdyň görkezdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy beýik türkmen nusgawy şahyrynyň döredijiliginiň halkara ähmiýetiniň ynandyryjy subutnamasy hökmünde 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ýubileýi mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi.

Pursatdan peýdalanyp, ýygnananlar Gündogaryň meşhur şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesi, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, halklaryň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, milli mirasy, umumy medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny wagyz etmek ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri üçin hormatly Prezidentimize we Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Forumyň ikinji güni maslahat Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine, filosofik garaýyşlaryna, beýik şahyryň dünýä edebiýatynda hem medeniýetinde tutýan ornuna, onuň köptaraply mirasyny bütin dünýäde wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işlere bagyşlanan bölümçeleriň dördüsiniň çäginde öz işini dowam etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi