2024-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Latwiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Daşkent ş.) Reýnis Trokşanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegine garadylar. Halkara gün tertibiniň birnäçe möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşyldy.
Özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ykdysady we durmuş pudaklary görkezildi, hususan-da ikitaraplaýyn Ykdysady, senagat we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň, özara iş saparlaryny hem-de Medeniýet günlerini guramagyň, şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.