icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

23 maý 2024

1989

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Baş sekretaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti myhmany möhüm çäräniň - GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, mejlisi ýokary derejede guramak üçin ýurdumyzyň GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde uly taýýarlyk işini geçirendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz geçiriljek duşuşygyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga oňat mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamlaryndaky bar bolan mümkinçilikleriň peýdalanylmagynyň, ylym-bilim, medeniýet, sport ugurlarynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň bilelikdäki işiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherini “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň taslamasyna seredilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, şu resminamanyň kabul edilmeginiň dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

GDA-nyň Baş sekretary, öz gezeginde, Aşgabatda halkara sport çärelerini ýokary derejede guramak üçin ähli zerur infrastrukturanyň bardygyny hem-de ýurdumyzyň dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülendigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň arasynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant boljak oňyn netijeleri gazanmak üçin Türkmenistanyň bu oňyn dialogy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini belläp, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe, Arkalaşygyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ähli agzalaryna bilelikde alnyp barlan işler, guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeli utgaşdyrylýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, GDA-nyň formatyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň toplanan köpýyllyk tejribä esaslanyp, mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi