icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 maý 2024

1808

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, onuň soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli döwletara dialogy hemmetaraplaýyn ösdürmäge rus tarapynyň gyzyklanma bildirýändigi barada aýdanlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, öz gezeginde, russiýaly kärdeşine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň şu gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki ugurlarda oňyn gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky daşary ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň möhüm ähmiýetini belledi.

Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýanyň toplumlaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň aýrylmaz bölegi bolan parlamentarileriň netijeli gatnaşyklary döwletara dialogda aýratyn orun eýeleýär.

Umumy pikire görä türkmen-rus gatnaşyklarynyň aýratyn ugry hökmünde ynsanperwer ulgam çykyş edýär. Şunda bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir.

Ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň dowamynda däp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň wajypdygy nygtaldy hem-de iki dostlukly ýurduň, olaryň doganlyk halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasy bilen özara hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça ilerletmegiň maksat edinilýändigini aýtdy we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi