icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 maý 2024

3064

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministrini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp hem-de Gazagystanyň Baştutanyna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, myhmanyň ýurdumyza ilkinji saparynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna esaslanýan, strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurtlarymyzyň abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.

Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigine aýratyn üns çekildi. Ulag-logistika pudagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Türkmenistanyň we Gazagystanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu ugurda bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Şunuň bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem uly ähmiýet berilýär. Özara Medeniýet günlerini, festiwallary guramagy dowam etdirmegiň, döredijilik, ylmy işgärleriň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň bu ugurdaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw edip, döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi