2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik, şeýle hem Arkalaşygyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň has işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň türkmen we täjik halklarynyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny nygtap, ýurtlarymyzyň medeniýet, sungat, ylym, bilim ulgamlarynda bilelikde işlemek we tejribe alyşmak üçin uly mümkinçiliklere eýedigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, myhman Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurulmagynyň bilim ulgamyndaky netijeli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi.
Pursatdan peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri döwlet Baştutanymyzy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar bilen gutlap, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda beýleki halklaryň görnükli wekilleriniň heýkelleri bilen birlikde, täjik şahyry Saýido Nasafiniň hem heýkeliniň ýerleşdirilmeginiň örän guwandyryjydygyny nygtady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow doganlyk halklaryň abadançylygynyň bähbidine Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy ugur edinýändigini belläp, Prezident Emomali Rahmona mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.
* * *
Şol gün Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda Arkadag şäherine baryp gördi. Bu ýerde Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow bilen duşuşdy.
Soňra Täjigistanyň Hökümetiniň Başlygy üçin Arkadag şäheri boýunça tanyşlyk gezelenji guraldy.
Premýer-ministr Kohir Rasulzoda Arkadag şäheri bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, bu ýere gelip görmegiň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny aýtdy.
Şeýle hem belent mertebeli myhman paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna bardy hem-de dürli ýurtlaryň meşhur ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirilen seýilgähi synlady. Şol şahsyýetleriň hatarynda täjik şahyry Saýido Nasafi hem mynasyp orun eýeleýär.