icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

30 maý 2024

2631

Türkmenistan bilen Şri-Lankanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň we Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer, oba hojalyk çygyrlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem mundan beýläkki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Söhbetdeşler dürli derejedäki saparlary alyşmak we Türkmenistanyň hem-de Şri-Lankanyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek mümkinçiliklerine garadylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Diplomatlar Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleri dowam etdirmegiň, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem Türkmenistanyň we Şri-Lankanyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda işewürlik forumlaryny geçirmek arkaly ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi