icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

11 iýun 2024

2727

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Günüň ikinji ýarymynda belent mertebeli myhman motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguz han» köşkler toplumyna tarap ugrady. Toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde dostlukly döwletiň Baştutanyny Türkmenistanyň Prezidenti mähirli garşylady.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bolan resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, iki ýurduň Baştutanlary «Rowaç» zalyna barýarlar. Bu ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow koreýaly kärdeşini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, Prezident Ýun Sok Ýola Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini kanagatlanma bilen belledi we Prezident Ýun Sok Ýola Türkmenistanyň garaýyşlaryny we öňe sürýän halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Prezident Ýun Sok Ýola söz berildi. Koreýa Respublikasynyň Baştutany mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistana gelmäge hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige şatdygyny belledi.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary döwletara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar.

Soňra gepleşikler «Soltan Sanjar» zalynda iki ýurduň resmi wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, 2023-nji ýylyň sentýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň Seulda geçirilen birinji maslahatynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnamanyň kabul edilendigini, şoňa laýyklykda, ýurtlarymyzyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň ikinji maslahatyny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek barada ylalaşygyň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady ulgamda ygtybarly hyzmatdaşlardyr. Döwlet Baştutanymyz ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselesine degip geçip, gürrüňiň häzirki döwürde Aziýa - Ýuwaş umman sebitinden Ýewropa, Ýakyn we Orta Gündogara yklymüsti üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek barada barýandygyny belledi.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Prezident Ýun Sok Ýol söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada durup geçip, şu saparyň netijeleri boýunça söwdany hem-de maýa goýumlary höweslendirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýändigini belledi. Onuň durmuşa geçirilmegi bu ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Belent mertebeli myhman syýasy ulgamdaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, 2022-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň, 2023-nji ýylda bolsa “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň döredilmeginiň 15 ýyllygynyň bellenilendigini nygtady.

Sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhman Döwlet Baştutanymyz bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça netijeli dialogy geçirýändigine şatdygyny aýtdy.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, «Seljuk han» zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary «Magtumguly» zalyna barýarlar we şol ýerde metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşylandygyny belledi.

Öz nobatynda, Prezident Ýun Sok Ýol Merkezi Aziýa boýunça saparynyň ilkinji ýurdunda - Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowa «K-Silk Road» hyzmatdaşlyk başlangyjyny hödürledi we «Koreýa Respublikasy - Merkezi Aziýa» birinji sammitini geçirmegi teklip etdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu pikirleri doly goldady we şu başlangyjy ilerletmek hem-de özara gatnaşyklary ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy diýip, belent mertebeli myhman aýtdy. Metbugat maslahaty tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary «Magtumguly» zalyndan ugradylar.

Şu gün belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Asylly däbe görä, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bu ýerde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilbagynda agaç nahalyny oturtdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi