2024-nji ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-nde Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNODC) sebit wekili Aşita Mittalyň arasynda duşuşyk geçirildi
Duşuşygyň barşynda taraplar bu guramanyň taslamalarynyň we neşeleriň bikanun dolanşygynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça degişli sebitleýin we halkara gurallarynyň çäklerinde Türkmenistan bilen UNODC-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
UNODC-nyň «Serhetde ýolagçylaryň we ýükleriň gözegçilik-derňew barlagy boýunça toparlar» başlangyjynyň çäklerinde gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň şu günler geçirilýän her ýylky 9-njy sebitara duşuşygynyň ähmiýetini nygtamak bilen, söhbetdeşler şu gezekki duşuşygyň ählumumy we sebit gümrük hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, serhet howpsuzlygyny pugtalandyrmakda möhüm orun eýelejekdigini bellediler.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegi bilen baglanyşykly bilelikdäki çäräni guramak barada ylalaşdylar.