2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Awstraliýanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Jon Uilýam Giring bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli taraplaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen-awstraliýa gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň çäklerinde duşuşyga gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki mundan beýläkki gatnaşyklara aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda ýakyn geljekde döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň özara bähbitlere laýyk gelýän, doly göwrümli hyzmatdaşlyga öwrüljekdigine we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.