2024-nji ýylyň 20-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Bolgariýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku şäheri) Ruslan Stoýanow bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar döwletara gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistan bilen Bolgariýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy gatnaşyklar barada aýtmak bilen, taraplar hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny we bu ugurdaky bilelikdäki tagallalary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle-de taraplar BMG-niň we beýleki halkara düzümleriniň çäklerindäki özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine garadylar.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek meselesine hem aýratyn üns berdiler. Medeniýet pudagyndaky gatnaşyklary ilerletmäge, bilim we ylym ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan özara gyzyklanma mälim edildi.