icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

26 iýun 2024

1448

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Pakistanyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussein bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy, türkmen-pakistan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika, senagat, ulag we aragatnaşyk ugurlaryndaky netijeli hyzmatdaşlygyň giň çygry boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilmegi pikir alyşmalaryň aýratyn ugry boldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar umumy maksatlara we bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi