2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan - BAE» işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, BAE-de doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar bolsa taryhy kökleriň umumylygyna we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly döwletiň Baştutanyna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyzyň ygtybarly we uzak möhletleýin hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi.
Aşgabat şäherinde geçirilýän türkmen-emirlikler işewürlik forumy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna hem-de täze ugurlar boýunça giňelmegine ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we pursatdan peýdalanyp, saparyň hem-de işewürlik forumynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi.
Köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow we myhman soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen-emirlikler işewürlik forumynyň söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we hususy ulgamyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.
Dostlukly ýurduň ykdysadyýet ministriniň belleýşi ýaly, BAE-niň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýärler. Gaýtadan dikeldilýän we «ýaşyl» energiýa ulgamy hem hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň iki ýurt üçin hem strategik ähmiýete eýedigine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we BAE-niň ykdysadyýet ministri açyklyk ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.