icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 iýun 2024

2176

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Abdulla bin Tuk Al-Marriniň belleýşi ýaly, dostlukly döwletiň Hökümeti oňyn syýasaty durmuşa geçirýän hem-de ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, BAE-niň ykdysadyýet ministriniň saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkemegine we täze ugurlar boýunça giňeldilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz myhmana türkmen kärdeşleri bilen geçirjek gepleşikleriniň hem-de türkmen-emirlikler işewürlik maslahatynyň netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň köpugurly we uzak möhletleýin häsiýete eýedigi nygtaldy. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Aşgabatda geçirilen türkmen-emirlikler işewürlik maslahatynyň iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary, şeýle hem telekeçileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryny nazara almak bilen, Türkmenistan nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Emirlikleriň işewür toparlaryny ýurdumyzda amala aşyrylýan halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri we BAE-niň ykdysadyýet ministri söwda, maýa goýumlar, ulag we kommunikasiýa, «ýaşyl» energetika hem-de ekologiýa ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri we Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyk gelýän deňhukukly we özara ynanyşmak ýagdaýyndaky döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi